«Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň Ermenistanda öwrenilmegi» atly ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ermenistan  Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermegi bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde bu iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda wideo aragatnaşyk arkaly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň Ermenistanda öwrenilmegi» atly ylmy maslahat geçirildi.

 Maslahatyň işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersetetiniň we Ýerewan döwlet uniwersitetiniň prosfessor-mugallymlary, talyplar, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgäri gatnaşdylar.

Ilki bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy bölüminiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Myrat Hojagulyýew çykyş etdi we Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň attaşesi Amantäç Jumanazarowa söz berdi.

Maslahatyň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri Amannepes Şyhnepesow, Türkmen dili kafedrasynyň müdiri Gulruh Gurbanowa, Daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň dosenti Romanguly Mustagow, bu kafedranyň mugallymy Maral Ataýewa, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türki dilleri öwreniş kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty, professor Aleksandr Safarýan, bu kafedranyň uly mugallymy Amaliýa Agajanýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen bagly çykyş etdiler.

Maslahatda ermeni-türkmen medeni-gumanitar gatnaşyklary, Magtymguly Pyragynyň umumy adamzat gymmatlyklary baradaky filosofiýasy, we iki halkyň edebiýatynyň arasyndaky baglanyşyklary,  Magtymguly Pyragynyň we ermeni şahyry Saýat Nowanyň eserleriniň arasyndaky ýakynlyklar barada giňişleýin durlup geçildi.

Maslahatyň dowamynda iki döwletiň arasynda ylym-bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada gürrüňler edildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar maslahatyň ahyrynda türkmen-ermeni alymlarynyň bilelikdäki ylmy makalalaryny taýýarlamak we neşir etmek barada karara geldiler.