Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde

2024-nji ýylyň 10-14-nji oktýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistana türkmeniň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin iş sapar bilen geldi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda ýola goýuldy. Şu döwürden häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça hukuk binýady ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ylym, bilim, bedenterbiýe, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Şeýle-de, bilelikdäki hökümetara toparyň işi döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ähmiýet uludyr. Onuň işi gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilendir.

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de talyp ýaşlaryň we professor-mugallymlaryň öňünde çykyşy boldy. Dabaranyň başynda ilki bilen Belent mertebeli myhman we onuň ýolbaşçylygyndaky wekilýet mähirli garşy alyndy. Institutyň baş binasynda aýdym-sazlar bilen garşylanan hormatly myhman amaly-haşam sungatyna degişli sergini synlady. Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan talyplaryň öňünde Ermenistanyň taryhy, daşary syýasatynyň aýratynlyklary, türkmen-ermeni gatnaşyklary barada çuňňur manyly çykyş etdi. Belent mertebeli Prezident çykyşynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ermeni dilindäki goşgular ýygyndysynyň terjime edilen kitabyny tanyşdyrmagy has-da täsirli boldy. Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we ermeni halklarynyň arasynda dost- doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan şahsy goşandy üçin, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin sagbolsun aýtdy.

Şeýle-de, duşuşykda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň, Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbandeldiýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institytynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda akyldar şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Munuň özi beýik türkmen akyldaryna ermeni halky tarapyndan goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr diýip, çykyş edenler bellediler.

Ýokary derejede guralan bu saparynyň çäklerinde hormatly myhmanyň wagt tapyp türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine gelmegi bu ýerde taýýarlanylýan geljekki halkaraçy hünärmenler üçin ýatdan çykmajak, örän täsirli duşuşyk boldy.

 

Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.