Ýerewan şäherinde «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalynyň gowşurylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Ermenistanyň Ýazyjylar birleşiginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny ýaýbaňlandyrmakda goşan goşandy üçin şahyr-terjimeçi Waružan Saakýana «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Çärä Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Edward Militonýan, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow, birleşigiň agzalary, Ermenistanyň meşhur ýazyjylary, şahyrlar, ýurduň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ermenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Edward Militonýan çäräni açmak bilen, Magtymguly Pyragynyň Gündogaryň beýik akyldary we şahyry bolandygyny nygtap, ermeni ýazyjy-şahyrlarynyň birnäçesiniň Pyragynyň eserlerini ermeni diline terjime edendigini belledi. Waružan Saakýanyň üstünliklerine guwanmak we onuň şeýle ýokary derejeli döwlet sylagyna eýe bolmagy bilen gutlap, Militonýan bu ýubileý medal bilen şeýle hem, Respublikanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň hem sylaglanandygyny belledi. Ol özüniň Aşgabada saparynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň Waružan Saakýan tarapyndan ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny Türkmenistanyň Prezidentine sowgat berdi.
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite karary bilen döredilen «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalyny görkezmek bilen, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» ýyly şygary bilen geçýändini belledi we döwlet we halkara derejelerinde ýylyň dowamynda bu şanly sene mynasybetli dürli çäreleriň geçirilýändigini habar berdi. Ilçi Magtymguly Pyragynyň özüniň filosofiki ylmy we şahyrçylyk eserleri bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň meşhur edebi şahslarynyň arasynda görnükli ornunyň bardygyny aýdyp berdi. Bu bütindünýä şahsydyr, onuň eserleriniň ýakynlaşdyryjy güýji bolup – bu arabaglanyşygyň üýtgeşik usulydyr.
Ilçi 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde daşary ýurt raýatlarynyň bu medal bilen sylaglamak dabarasynyň bolandygyny, nominantlaryň arasynda Ermenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy – şahyr-terjimeçi W.Saakýanyň hem-de Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türki dilleri öwreniş kafedrasynyň dosenti Amaliýa Agajanýanyň bardygyny belledi.
Soňra Ilçi M.Aýazow Waružan Saakýana ýubileý medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Waružan Saakýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem. Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türki dilleri öwreniş kafedrasynyň müdiri, professor Aleksandr Safarýanyň adyna döredijilik işlerinde beren ýardamy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasyna minnetdarlyk bildirildi.
Soňra Aleksandr Safarýan hem gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Ol Waružan Saakýandan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynda hut özüniň şahyryň goşgularyny terjime etmegi haýyş edendigini belledi we bu terjimeleriň şygyrlaryň asyl nusgasyna has ýakyn terjime edilendigini aýtdy.
Dabaranyň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen sygyrlarynyň okalyşy boldy.