Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2025-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Lena Nanuşýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda lukmançylyk syýahatçylygy, derman senagaty önümleri pudagynda hyzmatdaşlyk etmek, iki döwletiň saglygy goraýyş ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Ilçi M.Aýazow gürrüňdeşine Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada gürrüň berdi. Onuň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistan adamyň saglygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, Ilçi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça hem alnyp barylýan işler barada durup geçdi.
Taraplar şeýle hem mart aýynyň ahyrynda Ýerewan şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň üstünde durup geçdiler we onuň dowamynda şeýle hem saglygy goraýyş pudagydna hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi ministrligiň wekillerini her ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdy.