Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa sebiti departamentiniň başlygy Georgiý Koçarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösýän häsiýetini bellediler.

Iki döwletiň arasyndaky hereket edýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, ulag-aragatnaşyk babatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. 

Duşuşykda mundan başga-da Ýerewan şäherinde Daşary işler ministriniň orunbasarlary derejesinde Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi baradaky meseläniň üstünde hem durlup geçildi.