Ýerewanyň Şirakasi mekdebinde Türkmenistanyň daşary syýasat we türkmen-ermeni gatnaşyklary barada gürrüň

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 21-nji maýynda “Şirakasi” mekdebinde ÝUNESKO-nyň medeni köpdürliliginiň Bütindünýä güni bellenilip geçildi. Bu çärä bu mekdebiň mugallymlary we talyplary, Ermenistanyň diplomatik korpusynyň wekilleri hem-de talyplaryň ene-atalary gatnaşdylar.

 Çäräniň dowamynda şeýle hem «Shirakatsy Talks» görnüşinde maslahatlaşmalar geçirildi. Oňa myhmanlar, diplomatlar gatnaşdylar. Ilçiler diplomatiýa, innowasiýalar, durnukly ösüş, ýaşlaryň liderligi we beýleki temalarda prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.

“Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň hem-de Türkmenistanyň Hemişelik bitaraplygynyň 30 ýylynyň çäklerinde
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Türkmenistanyň daşary syýasaty, ýurduň hemişelik bitaraplygy we türkmen-ermeni gatnaşyklary barada prezentasiýa bilen çykyş etdi.

Hususanda, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň orny, döwletiň dünýä jemgyýeti we BMG, ÝUNESKO ýaly abraýly guramalar bilen özara gatnaşygy aýdylyp geçildi. Esasan hem, BMG tarapyndan goldanylýan we kabul edilýän dostluga, dünýäniň howpsuzlygyna, sebitde we dünýäde ynanyşmaga çagyrýan Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli başlangyçlary beýan edildi.