Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça Attaşesi bilen duşuşyk

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda işini tamamlaýan Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça Attaşesi Anjeý Madeý bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Keramatly Tagtyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary öňe itermekde goşan şahsy goşandy üçin jenap Madeýe minnetdarlyk bildirdi,

Öz gezeginde jenap Madeý Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk dörediji işine hem-de konstruktiw daşary syýasatyna ýokary baha berdi. 28 ýylyň dowamynda ýurdumyzda diplomatik işini durmuşa geçirmäge ýardam berendigi üçin ol Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle-de taraplar geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gatnaşyklarynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryny öňe sürmegiň zerurlygyny bellediler.