Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany howa menzilinde mähirli garşylap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýän çözgüde öwrülendigini nygtady.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän tutuş adamzat ähmiýetli halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki ösüşi boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň we degişli çözgütleri kabul etmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň Türkmenistana bildirilýän ählumumy ynam hökmünde kabul edilýändigini belledi.
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki ösüşi boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň we degişli çözgütleri kabul etmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň Türkmenistana bildirilýän ählumumy ynam hökmünde kabul edilýändigini belledi.
Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, söwda-ykdysady ulgamda sebitara we halkara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer. Şeýle hem onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň, degişli düzümleriň arasynda duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi aýdyldy.
Aýratyn-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyň 30 ýyllygynyň, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyna üns çekildi.
Hazaryň kenarynda geçiriljek halkara forumyň dowamynda dünýä ykdysadyýeti üçin ähmiýetli bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we bu ugurda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitleniler. Munuň özi halkara hyzmatdaşlykda ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açar.
Duşuşykda ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek, umuman, ulag diplomatiýasy ýaly wajyp meseleleri öz içine alýan forumyň dowamynda ýurtlaryň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirilip, onuň işinde üstünlik arzuw edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belläp, oňa dünýä ähmiýetli forumyň Türkmenistanda geçirilmegi babatda edilen tagallalar üçin minnetdarlyk bildirdi.