Zenan telekeçileriň üstünlikleri

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli «Hünärim bar – hormatym bar» atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkezi bilen bilelikde guraldy.
Maslahatda çykyş edenler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hususy pudaklaryň dürli ugurlarynda zenanlaryň gazanýan üstünlikleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.
Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň eli işli, ukyp-başarnykly zenanlara goldaw bermek, olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna ýardam etmek maksadyny nazarlaýandygyny bellediler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky syýasy başlangyç zenanlaryň durmuşyna hem uly täsirini ýetirýär. Çünki zenanlaryň halk hojalygynyň dürli ugurlaryndaky mümkinçilikleri bu günki ýurduň özgertmelere esaslanan beýik ösüşinde aýdyň duýulýar.
Çykyşlarda arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylar, gadymy usullar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlanan döwrebap haly önümleri, ussat zenanlaryň elinden çykan palaslar, kilimler, dürli görnüşli sowgatlyk önümler, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalarynyň ähmiýeti, şeýle hem haly önümçiliginiň eksportynyň möhümdigi barada nygtaldy.
Zergärçilik sungaty we zergärçilik önümleri bilen meşgullanýan zenan telekeçiler öz çykyşlarynda türkmen halkynda zergärçiligiň nesilden-nesle geçip gelýändigini bellediler. Olaryň ýasalyşynda, nagyşlarynda halkymyzyň geçmiş taryhy, milli aýratynlyklary, ruhy dünýäsi we ýiti döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar. Türkmen milli şaý-sepleri «Bilezik», «Gülýaka», «Şelpe», «Gupba», «Hünji» ýaly ençeme görnüşli bolup, türkmen zergärleri olara özleriniň yhlasyny siňdirýärler.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli hususy pudaklaryň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy we aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.