Türkmenistan Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny giňeltmegi dowam etdirer

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta üstaşyr ugurlaryň infrastrukturasynyň giňeldilmegini möhüm maksatlaryň biri hökmünde kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ähli ulag görnüşleri bilen ýolagçydyr ýük daşamagy ösdürmek we halkara ulag hem üstaşyr mümkinçilikden doly peýdalanmak üçin köp işiň amala aşyrylýandygyny nygtady.

«Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Biz Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini giňeltmegi möhüm hasaplaýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ulag geçelgesini ösdürmek we Aziýa –Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Ýewropa ýurtlaryna çenli halkara multimodal ulag ugruny ösdürmek üçin zerur işleriň alnyp barýandygyny aýtdy.

Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda mundan soňam ulag we aragatnaşyk toplumynda senagat we durmuş desgalaryny gurmagyň, şeýle hem onuň maddy we tehniki esasyny berkitmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.