Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça halkara kadalary esasynda Türkmenistanda beýleki döwletleriň 142 raýatyna ýaşamak üçin ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanyp, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň 142-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer syýasatyny yzygiderli esasda amala aşyryp, ýurduň DIM-niň hem-de beýleki ygtyýarly edaralaryň 142 adamyň Türkmenistanda ýaşamagyna ygtyýar bermek boýunça degişli işleri geçirendiklerini habar berdi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugyna beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar bilen bilelikde daşary ýurt raýatlara we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak barada ýüz tutan resminamalaryny resmileşdirmek bellenildi.
Umuman, ata-babalarymyzyň asylly ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alnyp, häzirki günde 5 müň 152 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýar berildi.