Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň “ArmInfo” habar agentligine interwýu berdi

Interwýuda Ilçi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi we onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada gürrüň berdi.
Şeýle hem, Ilçi M.Aýazow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda habar berdi. Hususan-da, şu ýyl “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwlet boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti, agzalan maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy hem-de 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy barada bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy hem-de onuň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakdaky möhüm ähmiýeti barada nygtaldy.