Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi

photo

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Il saglygy – ýurt baýlygy, hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasatynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu maslahat ýurdumyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetinden, Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetinden, paýtagtymyzyň Saglyk öýlerinden wekiller gatnaşdylar.

Çykyş edenler döwletimizde saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk taryhy senesiniň bellenilýän ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň hem 30 ýyllyk şanly senesi bilen bir ýylda gelmeginiň guwandyryjy ýagdaýdygyny bellediler.