Türkmenistan Hazar boýundaky ulag-logistika infrastrukturasyny we senagat binýadyny pugtalandyrýar

8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow her ýyl 3-nji noýabrda bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli görülýän taýýarlyklar barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Hususan-da, şol hünär baýramyna gabat getirip, Balkan welaýatynda birnäçe möhüm infrastruktura desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy boýunça giň gerimli meýilnamanyň bardygy habar berildi. Bu taslamalar Türkmenistanyň Hazar boýundaky ulag-logistika infrastrukturasyny we senagat binýadyny pugtalandyrmaga bolan ymtylmasyny nygtaýar.
Noýabr aýynyň başynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy bolar. Şeýle hem, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy gurular, Esenguly etrabynda bolsa, kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwuny arassalap bilýän täze suw arassalaýjy desga açylar.
Mundan başga-da, 3 – 4-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi » atly halkara sergi we maslahaty hem geçiriler.