«Mawy ýangyjyň» eşreti
Eziz Diýarymyzyň sahawatly topragynyň çuňluklarynda çig mal gorlarynyň ägirt uly toplumynyň, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň ummasyz möçberi ýerleşýär. Bu tebigy baýlyklary ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan bu ýana-da pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirmek boýunça ýurdumyzda giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Biz muňa mysal hökmünde ýurdumyzyň ähli ýerinde ilatly nokatlaryň tebigy gaz bilen üpjün edilendigini, täze kemala gelýän obalardyr şäherleri gazlaşdyrmak boýunça hem maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu babatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň işçileridir hünärmenleri netijeli işler alyp barýarlar. Müdirlik tarapyndan üstümizdäki ýylyň entek 10 aýy hem tamamlanmanka ýyllyk meýilnamanyň artygy bilen berjaý edilmegi, ýagny, 2025-nji ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan 42 müň 360 metre derek 42 müň 387 metr gaz geçirijileriniň çekilmegi işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.
Welaýat boýunça müdirligiň işgärleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň başyndan bäri ilatly ýerlere çenli 25,3 kilometrden gowrak aralyga eltiji gaz geçirijileri çekilipdir, ilatly ýerleriň içine çekilen gaz geçirijileriň uzynlygy bolsa 17 kilometrden gowrak bolupdyr. Gaz geçirijileriň 30,8 kilometri oba ýerlerine, 11,5 kilometri hem şäherçelere we şäherlere çekilipdir. Gaz geçirijileri çekmekligiň welaýatyň ähli ýerinde ýaýbaňlandyrylýandygyny belläp geçmek bolar. Bu babatda Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesine we şäheriň eteginde täze paýlanan mellek ýerlerine çekilen geçirijileriň uzynlygy 5 kilometre golaýlapdyr.
Mundan başga-da, ýylyň başyndan bäri Darganata etrabynda 1, Dänew etrabynda 11,1, Çärjew etrabynda 6,6, Halaç etrabynda 3,3, Hojambaz etrabynda 8,4, Köýtendag etrabynda 6,4 kilometr, Saýat etrabynda 440 metr gaz geçirijiler çekilipdir. Gazy sarp edijilere ýetirmek üçin welaýat boýunça gaz paýlaýjy beketleriň 406-synyň, gaz sazlaýjylaryň 3477-siniň işledilýändigini aýdyp geçmek bolar. «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň işçileridir hünärmenleri tarapyndan ýylyň bütin dowamynda gaz paýlaýjy beketler we gaz sazlaýjylar berk gözegçilikde saklanylýar, zerur halatlarda bolsa, olarda abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu bolsa raýatlarymyzy tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmäge şert döredýär.
Ýetip gelýän gyş paslynyň öňüsyrasynda müdirligiň işgärleriniň tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň ählisinde bolup, gazdan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmekleri, bu babatda ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmekleri ilatyň «mawy ýangyçdan» ygtybarly we howpsuz peýdalanmagyny üpjün edýär.