Niderlandlarda geçiriljek Atçylyk boýunça dünýä çempionatyna we ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işleri barada brifing geçirildi
Şu gün, 1-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärä — Atçylyk boýunça dünýä çempionatyna we ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, Ýewropada ilkinji gezek geçiriljek bu özboluşly çärä görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat bilen tanyşdylar.
Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahal-teke atlarynyň dünýä şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen meýilleşdirilýän çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.
Bu çäräniň Türkmenistanyň özboluşly mirasy bilen halkara jemgyýetçiligini has ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän halkara ähmiýetli möhüm waka bolmagyna garaşylýar.