img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş eder.

Şeýle hem bu ugurda BMG-niň goldaw bermeginde Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär.