Türkmenistan halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip eder
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýetip gelýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri halkara hukuk ulgamydyr. Türkmenistan halkara hukugy we onuň ähmiýeti bilen baglylykda täze başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýle teklipleriň biri hökmünde 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy çykyş edýär. Bu başlangyç BMG-niň Tertipnamasynyň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary dolandyrýan halkara kadalaryň ähmiýetini nygtaýar.
Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň öňümizdäki Baş Assambleýanyň sessiýasynda öz çäginde halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklibini öňe sürmegi meýilleşdirilýär.