img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nebit koksuny (TNGIZT-iň önümi), şeýle hem nah ýüplügi we düz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy.

Mundan başga-da, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň telekeçilerine jemi bahasy 21 million 248 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplük ýerlenildi.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 105 million manatdan gowrak bolan polipropileni (TNGIZT), plastik poddonlary, polipropilen haltalaryny we plýonkany, el halylaryny, pagta süýümini satyn aldylar.