Birinji Hazar ykdysady Forumyna bagyşlanan maslahat

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde «Hazar deňzi - mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady Forumyna bagyşlanyldy.
Dabaraly çärä Ermenistanda akreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara gurmalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, Ermenistan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministriniň orunbasarlarynyň ikisi, Daşary işler, yksysady ösüş we maýa goýum, maliýe ministrlikleriniň wekilleri, Ermenistanda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniňň professorlary, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary – Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem ýurduň ylmy intelegensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede hazarýaka döwletleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri – Türkmenistanyň Ilçisi M.Aýazow, Gazagystanyň Ilçisi T.Urazaýew we Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary jenap Ali Nasser Sobhanipur çykyş etdiler. Şeýle hem maslahatda Ermenistan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministriniň orunbasary Armen Arzumanýan we Ermenistanyň Türkmenistandaky öňki Ilçisi Aram Grigorýan çykyş etdiler.
Mundan başga-da, Birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibine gatnaşyjy döwletleriň gelejekde özara aragatnaşyklarynda esasy ugurlaryny öz içine alýan soraglaryň bardygy bellenildi. Forumyň dowamynda ara alyp maslahatlaşmak üçin söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda iri taslamalary amala aşyrmaga şertleri döretmegiň üsti bilen ösdürmek ýaly temalaryň öňe sürülmegine garaşylýar. Şeýle hem, Forumyň çäklerinde 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriň innowasion tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň geçirilmeginiň wajyplygy bellenildi we bu serginiň işewürleriň arasynda iş gatnaşyklary ýola goýmaga şertleri döretmegine we täze tehnologiýalar, hyzmatlar we ýangyç-energetika, ulag we logistika, senagat, söwda, syýahatçylyk we ykdysadyýetiň beýleki dürli ugurlary boýunça ýetilen täze çögütler bilen tanyşmagyň merkezine öwrülmegine garaşylýar.
Şeýle hem çäre tamamlanandan soňra oňa gatnaşanlar üçin Ilçihana tarapyndan furşet gurnaldy we onuň dowamynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy
Ýerewan şäheri, 2019-njy ýylyň 13-nji maýy