PRESS RELIZ

photo

2019-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň ýardam bermeginde 3-nji iýun Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp köpçülikleýin welo ýöriş geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda yglan edilendigini belläk geçmek gerek.   

Köpçülikleýin welo ýörişe Ermenistanda akreditirlenen diplomatik missiýalaryň we halkara gurmalarynyň wekilhanalarynyň diplomatlary, Ermenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň agzalary, Ermenistanda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar – Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar. Diplomatik korpusyň wekilleri we talyplar bilen bir hatarda Ýerewanyň welotrekiniň ýaş türgenleri we agzalary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaryş ermeni köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan giňişleýin beýan edildi.   

Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Bütindünýä welosiped gününiň» yglan edilmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň welosipedli ýörişi wagyz etmekdäki öňdebaryjy ornunyň wajyplygy aýratyn bellenildi.  

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň sport ulgamy boýunça döwlet syýasaty bilen tanyş boldular we şeýle sport çäreleri türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny, Türkmenistanda bedenterbiýe-sport hereketleriniň işjeň ýagdaýda ösýändigini ýene bir ýola tassyklaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň sportuň birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde parahatçylygy berkitmekde, halklaryň we döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda tutýan örän wajyp orny baradaky çuňňur manyly sözleri bellenilip geçildi. Sport diplomatiýasy Türkmen döwletiniň daşary syýasy işiniň iň bir işjeň häsiýete eýe bolan ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyz uly möçberli halkara ýaryşlarynyň ýygy-ýygydan geçirilýän ýerine öwrüldi.  

 

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy

02.06.2019ý., Ýerewan şäheri