TÜRKMEN WE ÝEREWAN DÖWLET UNIWERSITETLERINIŇ ARASYNDA GURNALAN OKUW-USULY WIDEO LEKSIÝASYNYŇ TÄZE TEMASY – DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ USULLARY

2020-nji ýylyň 22-nji maýynda «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky» Ylalaşygy durmuşa geçirmekde, ylym we bilim pudagynda, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Naira Pogosýanyň «Ýerewan döwlet uniwersitetinde Gündogar dillerini öwretmegiň käbir aýratynlyklary» atly temasy boýunça okuw-usulyýet wideo leksiýa gurnaldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşan wideo arkaly duşuşygynda, N.Pogosýan Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakulteti, kafedralary, okuw kurslary, umuman Ýerewan döwlet uniwersitetiniň ylmy we mugallymçylyk ugurlary barada çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, okuw sapaklary ermeni dilli talyplaryň dil pikirlenişiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup işlenip düzülen usulýete laýyklykda alnyp barylýar. Daşary ýurtly talyplara rus we iňlis dillerinde dil we birnäçe taryhy we filologiki dersleri hem öwredilýär.

Türkmen mugallymlary we ermeni kärdeşi bilen gündogar dillerini öwretmek bilen baglanyşykly häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, gündogar dillerini öwretmegiň käbir aýratynlyklary we innowasion usullary bilen paýlaşdylar we ulanylýan edebiýatlary, okuw kitaplary we sözlükleri barada özara maglumat alyşdylar.

Wideo sapagynyň ahyrynda mugallymlar we okuwçylar daşary ýurt dillerini okatmagyň aýratynlyklary, okatmakda ulanylýan sözleýiş usullary, ermeni dilli ilata gündogar dillerini öwretmekde ýüze çykýan meseleler barada soraglar we jogaplar alyşdylar.

Şeýle hem, türkmen ýaş dilçileri ermeni diliniň söz düzüminde türk leksik birlikleri bilen gyzyklananlarynda, N.Pogosýan uly höwes bilen ermeni dilinde ulanylýan türk alynma sözleri barada mysallary getirdi. Kursa gatnaşyjylary gündelik tejribeden alnan sapaklary öwrenmegiň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gelejekde bilim we ylmy tejribe alyşmak, wideo sapaklary we leksiýalar ýaly häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ulanmak barada ylalaşdylar.

Okuw kursuna gatnaşyjylar Ermenistan bilen Türkmenistanyň iki uniwersitetiniň arasynda, hususan-da ylym we bilim pudagynda daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak arkaly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we dowam etdirmek baradaky isleglerini bildirdiler, şeýle hem iki döwletiň ýolbaşçylaryna däp bolan goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde döredip beren mumkinçilikleri üçin minnetdarlyk bildirdiler.