TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ugurda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň we zerur bolan halatynda degişli goldawy bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň doganlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, iki ýurduň we dostlukly halklaryň rowaçlygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.

Şeýle-de telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasy bilen bagly meselä deglip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary işläp taýýarlamakda giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagt hem-de üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.