TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ÝYGNAGYNYŇ DEPUTATY BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň deputaty, Türkmenistan – Ermenistan dostluk toparynyň başlygy Aleksandr Awetisýan bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow ermeni deputatyny gyzgyn garşylap, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada tanyşdyrdy we şu ýyl Türkmenistan BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplygyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýdyp, garaşsyzlyk ýyllary döwründe türkmen-ermeni gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

Aleksandr Awetisýan öz gezeginde meden, ynsanperwer we söwda-ykdysady ugurlarda dostlukly ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň örän işjeňdigini belläp, iki doganlyk ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy, Ermenistandaky Ilçihana tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiren çäreleri, umuman edilen işler barada gürrüň edildi. Taraplar bütin dünýä pandemiýasy gutarandan soň, parlamentleriň ýolbaşçylarynyň we deputatlarynyň, iki dostlukly ýurduň Dostluk toparynyň agzalarynyň özara saparlaryny guramaga taýýardyklaryny mälim etdiler.