TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY "TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY" ATLY SURAT SERGISINI GEÇIRÝÄR

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy, Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ýerewan şäher häkimliginiň we Karen Demirçýan adyndaky Ýerewan metrosynyň ýardam bermeginde 2021-nji ýylyň 2-nji aprelinden 16-njy apreli aralygynda ýubileý senelerine bagyşlanyp ýagny, Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli "Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynyşmagyň watany" atly surat sergisini geçirýär.

Türkmen halkynyň taryhyny, iň baý özboluşly medeniýetini we köp asyrlyk däp-dessurlaryny, Aşgabadyň paýtagtynyň binagärlik nyşanlaryny, tebigy gözelliklerini, şeýle hem garaşsyzlyk döwründe ýetilen ajaýyp üstünliklerini beýan edýän suratlaryň sergisini paýtagtyň raýatlary we myhmanlary iki hepdelik Ýerewan şäherindäki "Bagramýan" metro stansiýasynda görüp bilerler.

Şeýle hem, Ýerewan şäheriň hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäheri hem şu ýyl ýubileý ýyllygyny uludan belleýär. Aşgabadyň 140 ýylynyň we Ýerewan metrosynyň 40 ýylynyň dolmagy jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalaryň biri bolup geçýär.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda we birnäçe ýurtlaryň şol sanda Ermenistan Respublikasynyň goldamagy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2021-nji ýyl "Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly" diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýerewan şäheriniň "Bagramýan" metro stansiýasynda geçirilýän surat sergisiniň ady "Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýlip atlandyryldy.