TÜRKMENISTAN RUSSIÝANYŇ WE EÝRANYŇ ARASYNDA SYNAG ÝÜK DAŞALŞYNA GATNAŞYP BILER

Russiýa (Astrahan porty) bilen Eýranyň arasynda konteýner gatnawy synag ediler. Bu barada «Особая экономическая зона «ЛОТОС» PJ-nyň habarlar, analitika we PR bölüminiň ýolbaşçysy Tatýana Karimowa «Halkara import we eksport güni » sergi-forumynyň çäklerinde aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu taslamany durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň hem işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

«Synag ýük daşajak gämi saýlanyldy. Häzirlikçe ýükler diňe Astrahan portunda işlenilýär. Geljekde beýleki Hazarýaka ýurtlary hem bu işe çekmek göz öňünde tutulýar« -diýip Tatýana Karimowa meýilnamalary beýan etdi.

«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (HUG) ýük geçirijiligine dürli baha berilýär. Meselem, RF-iň hökümetiniň hasaplamalaryna görä, ýylda 25 million tonna ýük daşalar. Bütinrussiýa daşary söwda akademiýasy ol 41 million tonna ýeter diýip hasaplaýar. HUG boýunça daşaljak esasy ýükleriň arasynda himiýa önümleri, oba hojalyk harytlary we dökünler, metal önümleri, ösümlik ýaglary hem-de konteýnerlerde daşalýan beýleki ýükler agzalýar.

Hindi ummanyny Russiýa we Ýewropa bilen birleşdirjek «Demirgazyk-Günorta» HUG-yň uzynlygy 7 200 km. Hindistandan gelýän ýükler deňiz üsti bilen Eýranyň Bender-Abbas portuna gelip düşer. Ol ýerden otlyda Bender-Enzeli portuna, soňra –Astrahana we ondanam demir ýol bilen Ýewropa äkidiler. Bu ugur ýükleri Sues kanalyndan ugradandan has arzan we ýakyn bolar diýip hasaplanylýar. Mumbaýdan Moskwa ýük eltilişi ortaça 20 gün, çykdajylar bolsa --30-40% az bolar.

Şondan bir gün «Altyn asyr» ählumumy ulag düzüminiň «ejizligi» we alternatiw ýerüsti ýa-da deňiz ulag ýollarynyň zerurlygy barada Belgiýanyň Modern Diplomacy neşiriniň pikirini beripdi. Modern Diplomacy neşiriniň pikirine görä, şu ýagdaýda Merkezi Aziýanyň üsti bilen ýa-da «Ortaça geçelge» (Middle Corridor) arkaly Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşalmagy amatly bolar.

Näme bolanda-da, Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri dürli üstaşyr taslamalar durmuşa geçirilende ulanylyp bilner.