AŞGABADYŇ TARYHY: ULY ÖZGERTMELER DÖWRI

photo

Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllyk ýubileýiniň öň ýanynda geçmişe nazar aýlap, Aşgabadyň döreýşiniň taryhy ýatlanylsa ýerlikli bolardy. Binagärlik taryhçysy Ruslan Myradow özboluşly keşbi bolan şäherimiz barada gürrüňini dowam edýär. 

Birinji jahan urşy, soňra Russiýadaky Raýatlyk urşy netijesinde Aşgabadyň ilaty göz-görtele kemeldi, gurluşyk asla alnyp barylmady. Fewral rewolýusiýasy netijesinde Rus imperiýasy synandan we onuň yzysüre döwlet edaralarynyň ählisi dargandan soň 1917-nji ýylda şäheriň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy düýpgöter özgerdi. Ýiti ykdysady çökgünlik we barha ösýän sosial dartgynlyk zerarly köpçülikleýin bidüzgünçilikler başlandy. Kerenskiniň Wagtlaýyn hökümeti bilen bir wagtda rewolýusion güýçler, türkmenleriň öz garaşsyzlygy ugrunda milli hereketler döredi.

1917-nji ýylyň 22-nji noýabrynda ýerli kiçeňräk bolşewikler topary Aşgabatda häkimiýeti öz eline aldy, ýöne olaryň alyp baran syýasty 1918-nji ýylyň 17-nji iýunynda Ashabad uýezdiniň rus işçileriniň we türkmenleriň gozgalaňyna getirdi. Gazaply çaknyşyklardan soň 11-12-nji iýunda Beýik Britaniýanyň goldamagynda Zakaspiý oblastynyň wagtlaýyn hökümeti olaryň ornuna geldi. Ýöne gyzyllaryň Raýat urşunyň esasy frontlarynda gazanan üstünligi netijesinde iňlisler 1919-njy ýylda goşunlaryny çykardylar, « ak patyşanyň» elindäki şäher 8-nji iýunda Gyzyl goşuna söweşsiz tabşyryldy.

Täze häkimiýet şähere 1918-nji ýylda Merwde öldürilen Pawel Poltaraskiniň hatyrasyna Poltarask diýip at dakdy.

Russiýanyň merkezinden arasy kesilen şäherde zerur zatlar ýetmezlik edýärdi, daşary söwda gatnaşyklary bozulypdy, ýerli senagat kärhalaryndan diňe aýna kombinaty guruldy.

Şäheriň ösüşiniň täze tapgyry Türkmen respublikasy Sowet Soýuzynyň hataryna girensoň başlandy.

Ýaşaýyş jaýlaryndan başga hususy eýeçilikdäki zatlaryň ählisi döwlete geçirildi, şäher merkezindäki düýpli jaýlary döwlet we magaryf edaralary eýeledi. Metjitlerdir ybadathanalar ýapyldy. Senagat kärhanalary dikeldilip, şäher ilaty çalt köpelip ugrady.1927-nji ýylda gyssagara ady üýtgedilen ilatly ýerleriň öňki ady gaýtarylyp, şäher ýene Aşgabat adyna eýe boldy.

1930-njy ýylda ilkinji gezek köçelere asfalt düşeldi, awtobus gatnawy ýola goýuldy, suw üpjünçiligi gowulandy.

1929-1937-nji ýyllarda senagat, ýeňil, azyk, gurluşyk kärhanalary we demri gaýtadan işleýän kärhanalar peýda boldy. 1925-1929 njy ýyllara ajaýyp rus alymy professor Wsewolod Keldyşyň guran dokma kombinaty 1948-nji ýylyň ýer titremesinde-de abat galdy.

Aşgabadyň göze ilerlikli binalarynda täze döwrüň alamatlary beýanyny tapdy. Olaryň ilkinjisi ozalky Gimnaziýa meýdançasynda 1924-1927-nji ýyllarda gurlan Leniniň ýadygärligidir (awtory Aleksandr Karelin). Sada medeniýet we hyzmat öýleri bilen birlikde kaşaň edara jaýlary, «Sowetler öýi» myhmanahanasynyň, mugallymçylyk institutynyň, demir ýol wokzalynyň, sazçylyk uçilişşesiniň binalary peýda boldy.

1934-nji ýylda Döwlet teatrynyň iň gowy taslamasy üçin bütinsoýuz bäsleşik yglan edilip, oňa tanymal sowet arhitektorlary bilen birlikde olaryň ýaş kärdeşleri-de gatnaşdyalr.

Beýik Watançylyk urşy ýyllary şäher ilatynyň müňleçesi urşa gitdiler. Aşgabadyň kärhanalarynyň käbiri harby tabşyryklary ýerine ýetirip başlady, bu ýere fronta golaý ýerlerden edara-kärhanalaryň birnäçesi (hususan-da, Moskwa döwlet uniwersiteti, Kiýew kinostudiýasy) göçürilip getirildi.

Ykbaly Aşgabada dartanlaryň arasynda şäheriň medeni durmuşyna täsir edip, milli sungat we ylym wekillerini taýýarlamaga saldamly goşant goşanlar az däldi. Geljeki akademik, Nobel baýragynyň eýesi Andreý Saharow bu ýerde termoýadro fizikasy barlaglaryna başlapdy, rus ýazyjysy Ýuriý Oleşa Aşgabadyň Puşkin adyndaky teatry bilen netijeli hyzmatdaşlykdady. Ukrain režisýory Mark Donskoýyň 1944-nji ýylda şu ýerde surata düşüren «Älemgoşar» filmi Amerikan kinoakademiýasynyň «iň güýçli daşary ýurt filmi» ugrundan «Oskar» baýragyny eýeläpdi. Aşgabady mekan tutunan neýrohirurg, akademik Boris Smirnow «Mahabharata» gadymy hindi eposyny sanskritden rus diline geçiripdi.

Uruşdan soňky ýyllarda Aşgabatda gurşuşygyň depgini güýçlendi. Täze senagat desgalaryny, okuw jaýlaryny, keselhanalary we beýleki durmuş ählimýetli binalary gurmak göz öňünde tutulýardy. Döwlet ýaşaýyş jaý gurluşygy güýçlenýärdi. Emma duýdansyz turan tebigy bela bu işi togtadyp, şähere ummasyz zelel ýetirdi.