AŞGABADYŇ TARYHYNYŇ ÇEPER BEÝANY: GEÇMIŞDEN - GELJEGE UZAÝAN NAZAR

Türkmenistanyň çeperçilik Akademiýasynyň galereýasynda paýtagtyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi-bäsleşigi açyldy. Ýaş binagärler, suratkeşler, dizaýnerler we fotosuratçylar bu sergini görmäge gelenlere özleriniň türkmen paýtagtyna söýgülerini, onuň baý taryhy geçmişine goýýan hormat-sylaglaryny wasp edýän eserlerini hödürlediler.

Sergi şäheriň döreýşinden başlap, tä onuň şu gününe çenli geçen ýoluny şekillendiriş sungatynyň üsti bilen gürrüň berýär. Mundan hem başga suratçylyk mekdebiniň we çeperçilik Akademiýasynyň, şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary şäheriň geljegine döredijilik gözünden nazar aýlap, iň häzirkizaman binalary döretmegiň täze taslamalaryny taýýarlapdyrlar.

Sergini mirasgär Muhammet Amanmuhammedowyň ençeme ýyllaryň dowamynda ýygnan gymmatbahaly we örän seýrek duş gelýän fotosuratlarynyň we durmuşda ulanylýan abzallarynyň toplumy açýar.

Türkmen medeniýetiniň janköýeri, fotosuratçy we gezende Muhammet Amanmuhammedow Türkmenistanyň dürli künjeklerine aýlanyp, gadymdan galan nusgalary ýekeme-ýeke toplaýar. Ol öz kolleksiýasynyň birnäçesini bu gezekki sergä hödürläpdir, olaryň arasynda ýüz ýyldan-da köp wagt mundan öň ýasalan araba köpleriň ünsüni çekýär.

Mirasgär Muhammet Amanmuhammedow şeýle gürrüň berýär:

– Ýörite şu sergä niýetläp, Aşgabatda 1905 – 1907-nji ýyllarda düşürilen suratlaryň 50 sanysyny rejeledim. «Gepleýän» suratlar şäheriň gözel künjekleriniň we onuň ilatynyň taryhy keşbini janlandyrýar. Ine, demirýol wokzalynyň meýdançasyna üns beriň, onuň öňündäki halkalaýyn gül ekilen peljagazlar edil şu gün hem özalkysy ýaly. Ýene-de bir gözüňde uzak galýan görnüş – erkek kişileriň dellekhanasy. Köne suratlary gaýtadan rejeläp, biz şol döwrüň hakyky durmuşyny görkezmäge çalyşdyk.

Sergini synlap alyslarda galan taryhy geçmişden Aşgabadyň häzirkizaman täze keşbine gaýdyp gelýäris. Ak mermerden gurlan beýik binalaryň başy asmana direýär. Çüwdürimleriň älemgoşar öwüşgini daş-töweregine ýalkym saçýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri çeper suratlarda we heýkelleriň kömpozisiýasynda ynandyryjy beýan edilýär.

Ýaş zehinleriň sergisiniň nazary gelejege gönükdirilipdir. Merjen şäherim Aşgabat, gülle, görküňe görk goş! Sen öz gaýtalanmajak gözelligiňe guwanmaga haklysyň, eziz paýtagtym!