HUSUSY SOWADYJY AMMAR BINA EDILÝÄR

photo

Ýurduň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda oba hojalyk önümlerini saklamak üçin ilkinji hususy döwrebap sowadyjy ammar bina edilýär. Ol birwagtda 350 tonna gök önümi we miwäni saklamaga niýetlenendir. Bu ýöriteleşdirilen desgany Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň daşoguzly agzasy Sarybaý Hanbaýew gurýar. Wasabat geňeşliginiň çäginde ýerleşen täze bina 1,6 gektar meýdany eýeleýär. Häzir bu ýerde Ýewropada öndürilen häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan esasy ammar binasynyň gurluşygy tamamlanýar. Bu bolsa dürli göwrümli otaglarda önümleri ter-täze ýagdaýda saklamak we zaýalanmagynyň öňüni almak üçin amatly şertleri awtomatik ýagdaýda döredip, üýtgewsiz saklamaga mümkinçilik berer.

Telekeçi Sarybaý Hanbaýew bu sebitde iň iri oba hojalyk harytlaryny öndürijileriň biridir. Onuň Ruhubelent etrabyndaky baglary 35 gektar meýdany tutýar. Ol gök önümlerden we miwelerden başga-da özüne döwlet tarapyndan uzak möhletleýin ulanmak üçin berlen ýüz gektar meýdanda bakja önümlerini, sogan we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirýär.

Täze desga telekeçä tarp ýerde ösdürip ýetişdiren hasylyny zaýalaman saklamak meselesini doly çözmäge, şeýle hem golaý-goltumdaky beýleki öndürijilerden saklamak üçin dürli oba hojalyk önümlerini kabul etmäge mümkinçilik berer.

Döwlet maýa goýumlarynyň netijesinde bu gün Daşoguz welaýatynda pagta, bugdaý, tüwi ýaly ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň esasy görnüşlerini saklamak üçin ösen infrastruktura bar. Şäherdir oba ilatyny ter miweler we gök önümler bilen üpjün edýän oba hojalyk senagatynyň sebitdäki dürli desgalar ulgamynyň yzygiderli ösüşi, olaryň öndürýän önüminiň möçberiniň barha artmagy häzirki wagtda üstünlikli işlemek bilen, üç müň tonna gök önümi, miwäni we ýer almasyny saklamaga niýetlenen bu täze uly sowadyjy ammaryň hut Daşoguzda gurulmagynyň sebäbi boldy.

Indi, görşümiz ýaly, ösdürilip ýetişdirilen önümleri saklamak we gaýtadan işlemek boýunça önümçilik kuwwatyny artdyrmak işine hususy ulgam hem işjeň gatnaşýar. Meselem, ýakyn ýyllarda tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy we kuwwaty dürli bolan oba hojalyk önümleri ammarlarynyň demirgazyk sebitiň beýleki ýerlerinde-de gurulmagy meýilleşdirilýär.