img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

photo

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Şeýle-de Ilçä Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri barada maglumat berildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Keniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jonah Maina Mwangi Türkmenistanda Keniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.