«BEG ÝÜPEK» HJ POLIPROPILEN ÝÜPLÜGIŇ EKSPORTYNY ARTDYRÝA

«Beg ýüpek» hojalyk jemgyýeti özbegistanly sarp edijilere önüminiň nobatdaky tapgyryny iberdi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu kärhana, ýerli çig maldan öndürilen PP BCF (köp tarly) polipropilen ýüplük öndürmekde ýöriteleşýär. Türkmen öndürijileriniň köp tarly ýüplüklerine daşary bazarda isleg uly. Hojalyk jemgyýeti önümlerini Azerbaýjana, Türkiýä, Gazagystana, Saud Arabystanyna eksport edýär.

Hakykat şundan ybarat: nebit önümçiliginiň galyndylaryndan alynýan süýüm sintetik halylaryň erşini we öýdümlerini öndürmekde giňden ulanylýar. BCF süýümi arzan bahasy, antistatik häsiýeti, ýylylyk bilen täzeden ýeňil işlenýänligi, tozan zerrejiklerini özüne ýokdurmazlygy, allergik täsiriniň ýoklugy, ulanylýan döwründe solmazlyk ukyby bilen tapawutlanýar.

Onuň aýratynlygy himiki inertliligidir. Bu, polipropilen hala degişli ýüplük öndürilende, reňk berip bolýandygyny we taýýar önümi boýap bolmaýandygyny aňladýar. Polipropilen halylar al-elwan öwüsýän görnüşde bolup, olaryň ýeňilligi, amatlylygy, aňsat arassalanmagy we bahasynyň arzanlygy bolsa esasy aýratynlygydyr.


 

Germaniýanyň aýda 120 tonna çenli polipropilen ýüplük öndürmäge mümkinçilik berýän «Oerlikon-Neumag» kysymly enjamlaryny peýdalanmak bilen, kärhanada ýörite tehnologiýa boýunça sintetik halylara degişli ýüplük öndürilýär.

«Beg ýüpek» HJ Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, 2019-njy ýylda köp tarly ýüplügiň önümçiligini ýola goýdy. Şereketiň ýaşdygyna garamazdan, onda ussat hünärmenler işleýär. Kärhana önümçilik kuwwatyny artdyrmagy we önümleriň görnüşini giňeltmegi, müşderileriň isleglerine laýyklykda, elýeterli we ýokary hilli önümleri öndürmek üçin, häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmagy meýilleşdirýär.