«FERULA 2021» II HALKARA FOTOBÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI

Aşgabadyň «Ferula» fotokluby dürli ýurtlaryň milli fotosurat federasiýalaryndan ybarat FIAP-niň (fr. Fédération Internationale de l'Art Photographique), ÝUNESKO-nyň ýanyndaky fotograflyk sungatynyň Halkara federasiýasynyň (Häzirki wagtda bu guramanyň bäş yklymda ýerleşýän 85-den gowrak milli assosiasiýasy bar) we PSA-nyň (Photographic Society of America), Amerikanyň fotograflar jemgyýetiniň howandarlygynda II Halkara fotosalonyny geçirildi.

Şeýle giň gerimli çäräni taýýarlamakda we geçirmekde IS foto kluby, ýagny sowetlerden soňky giňişlikde we beýleki ýurtlarda (gatnaşyjylary we olaryň eserlerini kabul etmek, hasaba almak, medallary sargyt etmek we şekillerini taýýarlamak, emin agzalaryny saýlamak we pandemiýa şertlerinde onlaýn eminlik programmasyny bermek) fotosalonlary guramaga kömek edýän halkara fotoklub ýardam etdi.

II Halkara fotobäsleşik üçin suratlaryň kabul edilip başlanandygy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda habar berildi. Işler dört ugur boýunça kabul edildi: erkin temadan reňkli surat, erkin temadan reňksiz (akly-garaly) surat, duýgular we dünýäniň şäherleri. Her ugur üçin FIAP-niň, PSA-nyň, IS-iň we «Ferula» foto klubunyň altyn, kümüş, bürünç medallary, şeýle hem hormat lentalary we eminiň saýlany (emin agzalarynyň her biri beýleki agzalaryň pikirlerine garamazdan, öz halan işi üçin baýrak gowşuryp biler) diýen at bilen 12 sany altyn medal taýýarlandy. Ýöne baş baýrak ähli ugurlar boýunça iň gowy işiň awtory üçin FIAP-niň mawy nyşanydyr.

1-nji surat bäsleşiginde bolşy ýaly, arzalaryň derejesi ýokary boldy, bu bolsa bäsleşigi eminler üçin hem gyzykly edýär, hem kynlaşdyrýar. 2-nji ýaryşda 297 dalaşgär kabul edildi, bu 1-nji bäsleşikdäkiden birneme azdyr, onda dalaşgär sany 314-di. Ýöne gatnaşýan ýurtlaryň sany artdy, eger birinji bäsleşige 38 ýurt gatnaşan bolsa, ikinjä gatnaşmaga 56 ýurt isleg bildirdi. Işler Awstriýadan, Wýetnamdan, Belgiýadan, Germaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Ysraýyldan, Gazagystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, ABŞ-dan geldi..., jemi 56 ýurtdan 4252 iş geilip gowuşdy. Türkmenistandan 128 eser üçin 12 arza berildi. Biziň awtorlarymyzyň 8-si bäsleşigiň soňky döwrüne ýetdi, şol ýerde olar 1 kümüş medal, 1 bürünç medal we IS-iň bir hormat lentasyny aldylar. Bu bäsleşige FIAP-niň ussady (EFIAP) diýen ady göterýän köp ýyllyk tejribesi bolan ýokary derejeli fotograflardan ybarat emin agzalary tarapyndan baha berildi. Olar: S. Anisimow – Russiýa, W. Sarkisýan – Türkmenistan, W. Korençuk – Gazagystan. Emin agzalary suratlara Moskwadan, Aşgabatdan, Alma-Atydan onlaýn arkaly baha berdiler.

3 günüň dowamynda 4252 surat gözden geçirildi we her ugur boýunça iň gowy 100 iş saýlandy, şolardan her bölümde 18-si FIAP-niň, PSA-nyň, IS-iň baýraklary bilen sylaglandy. Aşgabadyň «Ferula» fotoklubundan 4 altyn, 4 kümüş we 4 bürünç medal berildi.

Ine-de, Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda «Ferula 2021» atly II Halkara fotobäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Biz 14 ykrar etme bilen (4 ugur boýunça 14 fotosurat kabul edilip, 2 baýrak gowşuryldy) fotobäsleşigiň «Iň gowy awtory» diýen ada wýetnamly suratçy Hau Son Nguýeni eýe bolup, FIAP-niň mawy nyşanyna mynasyp boldy. FIAP-niň altyn medalyna mynasyp bolanlaryň hatarynda singapurly, çehiýaly, russiýaly, hindistanly fotosuratçylar hem bar. «Ferula» klubunyň altyn medallary belarusly, gruziýaly, gonkongly we çehiýaly surat alýanlara gowşuryldy. Awtorlarymyzyň üçüsi: Mekan Abdyllaýew IS-iň kümüş medaly, Swetlana Krupskaýa «Ferulanyň» bürünç medaly, Begenç Şyhlyýew IS-iň hormat lentasy bilen sylaglandy. Bäsdeşleriň hemmesi – M. Amanmämmedow, M. Abdyllaýew, B. Berdiýew, N. Wawilow, M. Garahanowa, S. Krupskaýa, B. Şyhlyýew we E. Ýazow dagylar hem gowy baha mynasyp boldular. Ekspozisiýa üçin 7 işi kabul edilen M. Abdyllaýewi aýratyn bellemek gerek (maglumat üçin: bäsleşige iberilen 4252 işiň 618-i kabul edildi). Geljekde «Ferula» fotokluby fotosungaty söýüjileriň giň topary üçin iki salonyň netijeleri boýunça işleriň surat sergisini guramagy meýilleşdirýär.

2021-nji ýylda «Ferula» fotoklubunyň işleri eýýäm Hytaýda, Awstriýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Russiýada we ABŞ-da geçirilen halkara sergilere gatnaşdy. «Ferulanyň» toparyna giren türkmen foto hünärmenleri we fotosuratçylary klublaryň arasynda geçirilen 15-nji FIAP dünýä çempionatynda ilkinji gezek Türkmenistany ajaýyp suratlary bilen tanatdylar. Ýaryşa Jemi 232 topar gatnaşdy. Bu dünýä birinjiliginde ilkinji gezek çykyş eden Türkmenistanyň wekilleri 305 utuk toplady, bu bolsa topara ýaryş tablisasynyň ortasynda ýer almaga mümkinçilik berdi. Şunuň ýaly abraýly ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýanlar üçin bu diýseň mynasyp netije. Bu ýyl hem «Ferula» foto klubuna 2022-nji ýylda klublar arasynda geçiriljek 16-njy FIAP dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin çakylyk geldi. Geliň, dünýäniň ähli ýurtlarynyň gatnaşjak bu uly fotobäsleşiginde olara üstünlik arzuw edeliň!