DÄBIŇ GÖZEL DOWAMY

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz haly kärhanasynyň ussatlary şu güne çenli dört million manatlykdan gowrak önüm dokadylar. Ýurduň demirgazyk sebitindäki iň irki kärhanalaryň biri bolan bu kärhananyň işgärleri özleri üçin möhüm wakalar bilen bellenen şu iş ýylyny abraý bilen tamamlaýarlar. Gubadag etrabynda 150 iş ýeri üçin niýetlenen çeper haly dokamak boýunça döwrebap, täze kärhananyň işe girizilmegi, Daşoguzda milli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin çärelere we baýramçylyk çykyşlaryna niýetlenip, ägirt ak öý görnüşinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň haly bezeginiň döredilmegine gatnaşmak şol möhüm wakalaryň käbiridir.
Häzirki wagtda Daşogzuň halyçylary milli haly dokamak däplerini dowam etdirip, geçmişdäki stillendirmäni, şol sanda bu sebite mahsus bolan gadymy nagyşlary-da yhlas bilen dikeldýärler. Mysal üçin, olaryň işleriniň arasynda «Gumly göli» ady bilenem tanalýan gadymy türkmen şaý-sepi bolan «Togrul ýol» nagyşly, «Ak maýanyň ýoly», «Derweze göli», «Guşly göli» we başga gölli ýokary hilli halylar bar. Şol bir wagtyň özünde, döredijilik gözlegi mahsus bolan senetçiler, täze tehnik tärleri ulanmak we reňk öwüşginlerini artdyrmak arkaly dokalýan her halynyň çeperçilik gymmatyny artdyrmaga çalyşýarlar. Haly we haly önümleriniň däp bolan usulyna berk gözegçilik etmek, nagyşlary dürli usullar bilen utgaşdyryp, dürli, ýöne hemişe sazlaşykly hem ajaýyp haly reňklerini döretmek bilen, olar nusgawy sungaty täze görnüşlerdir çeper şekillendiriş serişdeleri bilen baýlaşdyrmaga synanyşýarlar.