DAG GÖZELLIKLERINIŇ BEÝANY

Dagda düşürýän suratyň şowly bolmagy üçin dagyň belent gaýalaryna belet bolmaly. Şol ýerlerden görünýän dag manzaralarynyň gözelligi aýdyp-diýer ýaly däl! Onsoň şol gözelligi neneň surata düşürjek däl. Galyberse-de, surata düşürýän enjamyň ýanyňda bolsa... Surat enjamyňy al-da, surata düşüriber!

«Agama» klubynyň agzalary hem hut şeýdýärler. Her ýyl klubyň yglan edýän surat bäsleşiklerinde ajaýyp suratlaryň ýüzlerçesi görkezilýär. Olar dagyň tebigaty, haýwanat dünýäsi, üýtgeşik wakalary we pursatlary, ýaşlaryň dag gerişlerine ýörişleri barada gürrüň berýärler. Şu ýyl eminler her ugurdan iň gowy üç – jemi on surat saýladylar. Olardan birine – Larisa Arbeninanyň işine «Tomaşaçylaryň halany» diýlen baýrak berildi.

«Daglardaky durmuş» ugrundan Ýelena Gurbanowanyň, Swetlana Krupskaýanyň we Liliýa Buriýewanyň işleri ýeňiji diýlip yglan edildi. Olar dag derelerinde we jülgelerde ýaşaýan haýwanlara bagyşlanypdyr. «Biz öz daglarymyzda» ugrundan Semýon Kuznesowyň «Sünt dagyna çykyş» we «Zyýaratçylar ýodasyndan aşak inmek. Hasar dagy», şeýle hem Alekseý Buziniň «Ýolbelet Alekper» işlerine berildi. Üçünji udurda eminler Kiril Snarýowyň iki suratyny we Liliýa Buriýewanyň «Guý geçelgesindäki şapak» işlerini saýladyalr. Ýeňijileriň işlerine Hormat hatlary we baýraklar berildi.