DÖWREBAP TEHNIKADAN PEÝDALANÝARLAR

«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň suw desgalaryny arassalamak üçin ýöriteleşdirilen enjamlar toplumynyň esasyny ýokary öndürijilikli döwrebap enjamlar düzýär. Olaryň arasynda dünýä belli «IHC Beaver» kysymly on sany läbik sorujy enjamlar bar. Suw howdanlarynyň düýbündäki çökündileri aýyrmak, toprak çykarmak, akaryň düýbüni çuňaltmak we beýleki wezipeler üçin niýetlenen bu ýüzýän enjamlar ygtybarlylygy, ýokary netijeliligi we ýerli iş şertlerine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Güýçli enjamlar ähli laýly çökündileri çalt we arassa aýyrmagy başarýarlar. Olaryň gurluşynyň berkligi, dolandyryşynyň aňsatlygy, ýokary öndürijiligi, uly çuňlukdan toprak alyp bilýänligi bilen tapawutlanýar. Hünärmenler bu enjamlary köp dolandyryş usullarynyň oýlanylyp-ölçerilenligi hem rahatlygyny belleýärler.

Birleşigiň bölümleri sebitiň çäginden geçýän dürli akabalaryň talap edilýän geçiriş ukybyny üpjün etmek maksady bilen, zerur işleri amala aşyrmak üçin bu enjamlary ulanýarlar.

Ýurdumyzda tebigy baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, şol sanda suwy tygşytly ulanmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Daşoguz welaýatynda suwy rejeli we netijeli ulanmak, suwaryş desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak, suwarymly ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine uly üns berilýär.