TÜRKMENISTANYŇ JIÖ-NIŇ ÖSÜŞ DEPGINI 6%-DEN ÝOKARY BOLDY

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 7,4 göterime, gurluşykda 0,3 göterime, ulag-kommunikasiýa toplumynda 4 göterime, söwdada 8,8 göterime, oba hojalygynda 3,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 6,1 göterime barabar boldy.

Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim artdy. Bu görkeziji daşary söwda dolanyşygynda 6,3 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köpeldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň gysga we orta möhletlerde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşini üpjün etjekdigini belledi.