PILE ÖNDÜRMÄGE ŞERTNAMA BAGLAŞYLÝAR

photo

Daşoguz welaýatynda pileçiler bilen pile öndürmäge şertnama baglaşylýar. Şu ýyl jogapkärli işe on iki müň bäş ýüzden gowrak kärendeçiniň gatnaşmagy çak edilýär. Olaryň ählisi ýokary hilli ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün ediler.

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, şol sanda piläniň ýokary bahadan satyn alynmagy önümiň durnukly öndürilmegine höwes döredýär we ýerli ilaty pile taýýarlamaga giňişleýin çekmäge ýardam edýär. Welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň pileçileri şu ýyl 184 tonna ýüpek çig maly öndürmegi niýet edinýärler. Şeýle hem Gurbansoltan eje adynaky we Görogly etraplarynyň her birinde 80 tonna pile öndüriler.

Howa şertleriniň aýratynlyklaryna görä, Daşoguz welaýatynda ýüpek gurçugy ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden gijräk idedilip başlanýar. Ýöne bu ýagdaý oba senagat toplumynyň bu girdejili pudagyny ýokary depginlerde ösdürmäge päsgel bermeýär. Pudagyň iýmlik binýady hem çalt depginlerde giňeldilýär. Häzirki wagtda sebitiň tut meýdanlary iki müň gektardan hem agdykdyr. Her ýyl atyzlaryň gyrasyna we suw akabalarynyň ýakalaryna tut nahallarynyň ençemesi ekilýär, olaryň ýapragy ýüpek gurçugynyň iýmidir, tut agaçlary bolsa beýleki ekinleri epgekden goraýar, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär we amatly ekologiýa gurşawyny döredýär.