HOWDANYŇ GURLUŞYGY DOWAM ETDIRILÝÄR

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän, Amyderýanyň gyrmançaly mele suwuny durlamak, Garagum derýasyndan suwy bökdençsiz akdyrmak üçin bol suw goruny döretmek we Garagum derýasynyň üsti bilen ýurdumyzyň Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak maksady bilen ýurdumyzyň günorta – gündogarynda, öňki Zeýit, 2006-njy ýyldan bäri bolsa, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdany hereket edýär. 2015-nji ýylda gurluşygynyň 1-nji tapgyry tamamlanyp, 2,2 milliard kub metr suw jemlenen bu ägirt uly suw howdany ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarmakda örän möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda berkarar Diýarymyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, onuň üçin bolsa, her gektardan alynýan hasyllylygy ýokarlandyrmak bilen birlikde, täze ekerançylyk ýerlerini özleşdirmek işleri hem alnyp barylýar. Ýyl-ýyldan artýan ekerançylyk ýerlerini suwarmak üçin hem suw serişdeleriniň möçberini köpeltmek zerurlygy ýüze çykýar. Hut şonuň üçin hem döwletimizde täze suw howdanlaryny gurmak, öňden bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek we suwdan tygşytly peýdalanmak ýaly möhüm işlere aýratyn üns berilýär we durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyna girişildi we ol häzirki wagtda güýçli depginde dowam etdirilýär. Bu möhüm wezipäni amala aşyrmak işlerini Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Başhowdangurluşyk» önümçilik dolanyşygy alyp barýar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, dünýäniň iň kämil, öndürijiligi ýokary, kuwwatly «Komatsu», «John Deere», «Caterpillar» tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegi, howdany gazmak, çuňaltmak we gaçylaryny berkitmek işleriniň ýokary depginde alnyp barylmagy öňde goýlan asylly maksada öz wagtynda ýetiljekdigine şaýatlyk edýär. Gurluşygy alnyp barylýan suw howdanynyň gaçylaryny berkitmek üçin zerur bolan gumlary daşamakda kuwwatly «Kamaz» kysymly ýük awtoulaglarynyň güýjünden ýerlikli peýdalanylmagy hem işleriň has-da ilerlemegine ýardam edýär. Suw sygymy 1,65 milliard kub metre barabar bolan bu suw howdanynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyny 2028-nji ýylda tamamlamak, howdanyň jemi suw sygymyny bolsa, 3,85 milliard kub metre ýetirmek göz öňünde tutulýar.