img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, şeýle-de Gahryman Arkadagymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi....

DOWAMY
pic
4 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belled...

DOWAMY
pic
4 Iýun

Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada

Şu gün Söwda-senagat edarasynda “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagynyň mümkinçilikleri, öňdebaryjy gazananlary, täze önümleri bilen tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amatly şertleri döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan dokma senagatynda giň g...

DOWAMY
pic
4 Iýun

Aşgabatda “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy gazananlaryny, täze öndürýän önümlerini tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amatly şertleri döredýär. Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasy ge...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde uzakmöhletleýin we ulgamlaýy...

DOWAMY
pic
3 Iýun

«Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin netij...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirildi

2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu baýram mynasybetli, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň çagalaryna we halkyna baýramçylyk gutlagyny iberdi. Şeýle hem dabaraly çäre paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeniýet we dynç alyş seýilgähinde geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we de...

DOWAMY