img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Okt

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2026-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birnäçe duşuşyklara we medeni-ynsanperwer ugur boýunça çärelere gatnaşar.

DOWAMY
pic
7 Okt

Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi geçirildi. Giň möçberli forum Arkalaşygyň ýurtlarynyň oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylaryny, alymlaryny we seçgiçilik merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çäräniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk we azyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar. GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara ut...

DOWAMY
pic
7 Okt

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy – halkara diplomatiýasynyň we hyzmatdaşlygyň merkezi

7–9-njy oktýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara duşuşyklaryň we forumlaryň geçiriljek esasy meýdançasyna öwrüler. Bu ýerde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Hazar ekologiýa sammiti, şeýle hem onlarça tematik maslahat, medeni çäreler we sergiler geçiriler. Awazada döwlet Baştutanlary, ministrler, halkara guramalarynyň wekilleri we bilermenler ýygnanyp,...

DOWAMY
pic
7 Okt

Türkmenbaşyda Merkezi Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň 95-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň (DUSHK) 95-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistan tarapyndan guralyp, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.M.Gendjiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Mejlise DUSHK-nyň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri...

DOWAMY
pic
7 Okt

Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Amyderýanyň we Syrderýanyň  suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli ministrleri we  pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäre suw hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we sebitara gatnaşyklaryň mundan beýlä...

DOWAMY
pic
7 Okt

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen ýokary derejeli duşuşyklara we çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, Hazar ekologiýa sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

DOWAMY
pic
7 Okt

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birnäçe möhüm çärelere, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

DOWAMY