SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary we parlamentara derejedäki özara saparlar munuň aýdyň beýan...
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn syýasy...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikle...
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, pagta ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, jins we nah matalar, jins çadyrlar, arassalanan dokma önüm...
Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasatyň esasy wezipelerini kesgitledi. Ýurdumyzda halkara ähmiýetli iri forumlaryň birnäçesini kabul etmek we olary ýokary derejede guramak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz aşakdaky iri halkara çäreleriniň taýýarlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Olaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitini we beýleki möhüm çärele...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejele...
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary bilen döwlet...