img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Iýul

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Latwiýanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, pagta ýagy, pagta süýümi, nah ýüplük we mata, çig ýüpek, pagta soapstogynyň çig ýagly turşuly...

DOWAMY
pic
4 Iýul

Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary

2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi...

DOWAMY
pic
4 Iýul

Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň sanly binýady döredilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri we durmuş-ykdysady ösüş bilen bagly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa milli medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Wise-premýer tassyklanan maksatnama laýyklyk...

DOWAMY
pic
2 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ministr mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žo...

DOWAMY
pic
2 Iýul

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli söz...

DOWAMY
pic
1 Iýul

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi uly şatlyk-şowhuna beslenýär

?Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň häzirki möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýän raýatlaryň sany has artýar. Olar dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen meşhur zolagyň dynç alyş we sagaldyş binalarynda, kottej toplumlarynda, seýilgählerinde, aýdym-saz merkezlerinde, sport desgalarynda, deňiz kenarynda we beýleki ýerlerde ýokary hil derejesinde döredilen döwrebap amatlyklardan peýdalanyp, bu jenneti künjegiň täsinliklerinde...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň suw hojalyk pudagyny ösdürmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Düýn Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmag...

DOWAMY