SOŇKY HABARLAR
IŇ ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRILEN TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ NETIJELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN RESMINAMALAR BUKJASYNA GOL ÇEKILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerinden soň aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy: - Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan — Türkiýe söwda we senagat edarasynyň forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; - Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda a...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANKARADA TÜRKMEN-TÜRK IŞEWÜRLIK FORUMYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdy. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynyň zalynda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem-de senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostluk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Ankara şäheriniň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň dow...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Günorta Afrika Respublikasynyň Gazagystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi Pis Bardolf Kennedi bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary g...
ALBUKERKEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabadyň doganlyk şäheri bolan ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Albukerke şäher häkimi Timoti Keller we häkimliginiň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar bilim, işewürlik, medeniýet, taryh we beýleki ugurlarda şäherleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti täze maglumat tehnologiýalary we daşky gurşaw taýdan arassa b...
ALBUKERKEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLADY
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Albukerke doganlyk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanandyr. Wekilçilikli medeni foruma Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar. Şol gün Nýu-Meksiko uniwersitetinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy we Nýu-Meksiko uniwersiteti tarapyndan Albukerke şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan Magtymguly Pyr...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANYNA SAPARY
2023-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Saud tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid El Hereýji ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysad...