SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri boýunça dialog dowam etdi
2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn saparlary we çäreleri guramak, nobatdaky “Ýe...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. M.Şinas Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň öňde duran gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugu...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi....
Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi M.A...
Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Pithambaran Nairyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meselelere seredip geçdiler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer pudagynda özara gatnaşyklara üns berildi. Hususan-da, ylym, mede...
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda M.Bäşimowa K.Imnadzeni jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de hyzmatdaşlygy we parahatçylygy berkitmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi saklamak meselesindäki merkeziň tut...
XV asyryň «Gözellik öýi»
Aşgabadyň etegindäki Änew obasynyň golaýyndaky beýik baýyrda bina edilen Seýit Jemal ed-Din orta asyr metjidi 1948-nji ýylyň ýer titrremesinde weýran bolýar. Şeýle bolsa-da, häli-häzire çenli zyýarat edilýän bu ýeriň binagarlik ähmiýeti hem bar. Toplumda: metjit, onuň öňündäki gubur we beýik gümmezli iki zal bar. Bu özboluşly bina XV asyryň ortasynda gurlupdyr. Metjidiň portalynyň ýokarsyndaky ýazgyda onuň hijriniň 860-njy ýylynda, ýagny milady ýyl hasaby boýunça 1456-njy ýylda soltan Abul Ka...