RSS

SOŇKY HABARLAR

8 Iýun

NUR-SULTANDA “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ÜÇÜNJI MASLAHATY TAMAMLANDY

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Maslahatyň dowamynda bu formatdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada netijeli we täsirli köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ara alyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda uzakmöhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny i...

DOWAMY
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA BRENDLERI INTERNET-PORTALDA

?Türkmenistanda öndürildi» brend bilen täze dokma önümlerini indi öýden çykman, satyn almak bolýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň ýola goýan «Altyn asyr söwda meýdança» atly onlaýn bitewi platformasynda 15 sany milli brendli önümler hödürlenipdir. Resmi internet-dükan erkekleriň, zenanlaryň we çaga egin-eşikleriniň dürli görnüşlerini şeýle hem matalary, süpürgiçleri, hammam eşiklerini we ýorgan-düşekleri hödürleýär. Elektron kataloglaryň...

DOWAMY
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ SESSIÝASYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 110-njy sessiýasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy gatnaşyjylara ýurdumyzyň ilatynyň mynasyp iş orunlary bilen we durmuş-ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda...

DOWAMY
7 Iýun

MERKEZI AZIÝANYŇ WE HHR-YŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns...

DOWAMY
7 Iýun

TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndür...

DOWAMY
7 Iýun

PRESS-RELIZ: OWGANYSTANDA AKINA-ANDHOÝ DEMIRÝOLUNYŇ GURLUŞYGYNYŇ GALAN IŞLERI BAŞLANDY

“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler. Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demirýollar guramasynyň we beýleki pudak ed...

DOWAMY
7 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy. Myhman...

DOWAMY