SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETD
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýa...
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ikinji güni giň möçberli çärelere we netijeli duşuşyklara baý boldy. Aýratyn-da, Ýerewanyň O.Şarambeýan adyndaky amaly-haşam muzeýinde türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly däp-dessurlaryna hem-de senetkärçiligine bagyşlanan serginiň guralmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Sergide goýlan gymmatlyklar hem-de dürli dillerde neşir edilen kitaplar, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna we häzirki d...
«Oguz rowaýaty» sahna oýny Türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň I halkara festiwalyna gatnaşdy
Özbegistanyň paýtagtynda ilkinji gezek Türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň I halkara festiwaly geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýardamy bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guralan bu taslama Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi. Festiwalda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary ýazyjy Juma Hudaýgul...
AŞGABATDA TÜRKMEN-FIN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Finlýandiýa tarapyna Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Baş müdiri Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçi...
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 31-nji maýy 3-nji iýuny aralygynda Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky medeniýet we sungat işgärlerinden, alymlardan, habarçylardan we talyp ýaşlardan düzülen türkmen wekiliýeti Ermenistana geldi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ermenistanyň Aram Haçaturýan konsertler zalynda geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň döwlet edralarynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarla...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN ÝHHG-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy we ykdysady ugurlarda, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek we ynsanperwerlik meselelerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy, Türkmenistanyň ha...