RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Iýun

PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökle...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan eden Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň sport-bedenterbiýe we sagaldyş hereketini, bu ulgamda döwletleriňdir halklaryň arasyndaky...

DOWAMY
pic
2 Iýun

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ WE ÝEWROPA GEŇEŞINIŇ PREZIDENTINIŇ 2-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde "Merkezi Aziýa – Ýewropa Geňeşi" görnüşinde ýokary derejeli sammit geçirildi, oňa Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Şarl Mişel, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Amannepesow gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we ÝB döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine sere...

DOWAMY
pic
2 Iýun

ERMENISTANDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Artaşat şäherinde Ermenistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. Çäräniň soňky gününde, Artaşat şäheriniň Amo Harazýan adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda, Medeniýet günlerine gatnaşýan döredijilik toparlary bilelikde konsert berdiler. Bu konsert we bilelikdäki çykyşlar iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Türkm...

DOWAMY
pic
2 Iýun

AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ MERKEZINIŇ TÄZE BINASY AÇYLDY

Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparyna bagyşlanyp ÝHHG-nyň Merkeziniň täze bina...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 1-njy iýunynda ýurdumyzyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. Söhbetdeşler parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklan...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. ÝHHG-niň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, oňyn syýasaty alyp barýan hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyryl...

DOWAMY