RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Mar

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri ulanylan suw serişdelerinden wodorod öndürmek üçin ylmy barlaglar geçirýärler

Howanyň üýtgemeginiň we senagatyň daşky gurşawa hem-de adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini azaltmak, şeýle hem daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini peseltmek boýunça Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2019-2025-nji ýyllarda «Altyn Asyr» kölüniň sebitini ösdürmek konsepsiýasyna laýyklykda bu ýerde gurulýan häzirki zaman obalary gün hem-de ýel elektrik paýlaýjy desgalaryň energiýasy bilen üpjün ediler. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda wodorod...

DOWAMY
pic
2 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Mejlisiniň, daşary işler, adalat we içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerinden ybarat. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukular hakynd...

DOWAMY
pic
1 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ASTANADA «C5+1» FORMATDAKY MEJLISINE GATNAŞMAGYŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARY

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, «C5+1» formatdaky mejlisiň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Gazagystanyň doganlyk ýurtlardygyny, iki tarapyň arasyndaky iň ýokary derejedäki işjeň gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini doly görkezýändigi nygtaldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Ser...

DOWAMY
pic
1 Mar

TÜRKMENISTAN WEKILIÝETINIŇ «С5+1» FORMATYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly sebit ösüşiniň möhüm ugurlarynda amaly hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Duşuşyga gat...

DOWAMY
pic
28 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE YSRAÝYLYŇ DIM-NIŇ WEKILÝETI BILEN GEPLEŞIKLER

Şu ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, Aşgabada sapar bilen gelen, Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy Ýuwal Fuhsah bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegi meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara...

DOWAMY
pic
28 Few

AŞGABATDA TÜRKMEN-BELARUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk ýolbaşçylyk etdiler. Gün tertibiniň çäklerinde taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Wekilýetler iki ýurduň arasyndaky syýas...

DOWAMY
pic
28 Few

Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalary» atly II gyşky oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň topary Kemerowo şäherindäki «Kuzbass» buzly köşgünde geçirilen «Aziýanyň çagalary» II gyşky halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dört ýyldan bir gezek Halkara Olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän bu toplumlaýyn halkara ýaryşy Aziýadan we Ýewropanyň käbir ýurtlaryndan 16 ýaşa çenli türgenleri birleşdirýär. «Aziýanyň çagalary» atly ikinji gyşky oýunlar birbada Kuzbassyň dört şäherinde - Kemerowoda, Nowokuzneskide, Meždureçenskide we Taştagol raýonyn...

DOWAMY