SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan täze, 2023-nji ýyly uly üstünlikler, beýik maksatlar bilen garşylady
Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly işlerini dowamata atarjak täze, 2023-nji ýyly şatlyk we dabara bilen garşylaýar. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistl...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
Eziz watandaşlar! «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene sähel salymdan biz bu ýyl bilen hoşlaşyp, täze, 2023-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys. 2023-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça towşan ýyly. Halkymyz bu ýyly bereketli, asuda, abadan hasaplap, täze ýyla ýagşy umyt-arzuwlar, uly ynam bilen gadam basýar. Geçip barýan ýyl Garaşsyz, Bitarap döwletimizde giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilen ýyly boldy. Şu şatlykly baýr...
«Gyzyl alma» hekaýaty ekranlaşdyryldy
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Gyzyl alma» atly filmiň tanyşdyrylyş dabarasy we ilkinji görkezilişi boldy. Filmiň ýordumy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda berlen hekaýatlaryň biri esasynda surata düşürildi. Oňa Hekim Alowow režissýorlyk etdi. Film aw gözlegine çykyp, ajaýyp bir baga düşen Mergen atly ýaş awçy hakda gürrüň berýär. Bu ýerde ol tötänden bagbanyň gyzy Alma duşýar. Gyzyň gözelligine maýyl bolan ýigit bada-bat aşyk bolýar we...
Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, şäher ilatynyň amatly durmuşyny...
Dizel ýangyjy we uçar kerosini daşary ýurtly telekeçilerde uly gyzyklanma döredýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştuta...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň nobatdaky mejlisini gurnamak başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi we duşuşygyň öz wagtynda bolandygyny belläp, kärdeşine “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlis...