SOŇKY HABARLAR
HANOÝDA TÜRKMEN-WÝETNAM IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagtynda ýerleşýän «Melia» myhmanhanasynda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, nebit we gaz, energetika, söwda, gurluşyk, binagärçilik we ulag ulgamyna ýöriteleşdirilen, 40-a golaý wýetnam kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Işewürler maslahatyň esasy maksady Türkm...
AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 29-njy iýunda geçiriljek VI Hazar Sammitiniň taýýarlygyna bagyşlanyp Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi b...
TÜRKMEN WEKILÝETINIŇ WÝETNAM HÖKÜMETINIŇ YKDYSADY TOPLUMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Hanoý şäherinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Taraplar iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek we diwersifikasiýal...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 24 MILLION 442 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen azyklyk duzy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň teleke...
HANOÝDA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI WÝETNAMYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna sapary amala aşyrýar. Şu gün, Wýetnamyň DIM-niň binasynda türkmen wekiliýetiniň Wýetnam Sosialistik Res...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI ÝOLLADY
Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi. Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi. Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24 tn 700 kg ýük iberdi. Owgan halkyna ynsa...
TÜRKMENISTANDA HALKARA EKOLOGIÝA FORUMY GEÇIRILDI
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň “GaffneyСline” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guraldy. Şu gezekki forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna onlaýn tertibinde hem g...